Iň meşhur nyşanyň nireden gelip çykandygyny bilýärsiňizmi?

@ nyşanjygy internet ulanýanlaryň hemmesine mälimdir. Ol elektron poçta salgylarynda, gyssagly habarlarda, ulanyjy atlarynda, sosial ulgamlarda we başga ýerlerde duş gelýändir. Nyşanjyk programmirlemekde hem ulanylýar. Her ýerde dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän bu nyşanjyk käbir programmirleme dillerinde ýalňyşlygy ýa-da düşündiriş bermek üçin ulanylýar.

@ internetiň resmi däl nyşanyna öwrüldi we ol kompýuter tehnologiýasy bilen berk baglanyşykly. Emma bu nyşanjyk nireden geldi we näme üçin aslynda «itjagaz» diýilýär?

Nyşanjygyň kompýuterleriň we internetiň döremeginden has öň oýlanyp tapylandygyny bilip haýran galarsyňyz. @ belgisiniň ilkinji peýda bolmasy 1448-nji ýyldaky «Taula de Ariz» atly resminamada diýlip bellige alyndy. Bu Kastiliýadan Aragona ýollanan bugdaý bilen baglanyşykly sanawdy.

 

@ belgisi katalon, ispan we portugal dillerinde 25 funty agyrlygy aňladýan «arroba» sözüniň gysgaltmasy hökmünde ulanylypdyr. Arapça «ar-rub», «çärýek» manysyny berýär.

«Arroba» söz aňlatmasyndan entegem Portugaliýadaky, Ispaniýadaky doňuz we agaç dykylary satýan söwdagärler ýüz öwrenoklar. Elektron poçta hatlaryndaky bu nyşany ol ýerde entegem şeýle atlandyrylýarlar.

Ispaniýanyň söwda resminamalaryndan @ nyşanjyk iňlis diline göç etdi, ýöne şol bir wagtyň özünde manysyny üýtgetdi. Indi «at», «baha görä» diýen many aňladýan sözüň has gysga çalşygy hökmünde ulanyldy. Edil şonuň ýaly, 8-nji asyrda iňlisler uzyn «and» baglaýjy kömekçini &, öwrüpdiler.

 

Iň azyndan 1889-njy ýyldan bäri @ nyşanjygyny hat ýazýan maşynlara goşup başlapdyrlar. Nyşanjyk 1900-njy ýylyň meşhur «Underwood No. 5» hat ýazýan maşynynda hem bardy. Nyşanjyk şondan kompýuter klawiaturasynyň harplarynyň arasyna düşdi. 1971-nji ýylda elektron poçtany oýlap tapan amerikan programmisti Reý Tomlinson ulanyjylaryň atlaryny olaryň domeninden aýratyn etmek üçin, çem gelen belgini, ýagny @ basyp goýberýär.

Nyşanjyk dürli dillerde başgaça atlandyrylýar. Iňlisler «at», italýanlar «balykgulak», bolgarlar we gollandiýalylar «maýmyn», grekler «ördek» norwegler we şwesiýalylar «holtumly a», ysraýyllylar «şturdel», taýlar oňa «syçanjyk», Runetde bolsa @ nyşanjygynyň ady «itjagazdyr».