Aşgabatda medeni diplomatiýa ugry boýunça halkara talyplar bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Merkezi Aziýanyň, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşik medeniýeti» atly halkara bäsleşigi we Breýn-ring geçirýär. Çäreler 22 — 25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriler.
Bäsleşik 23-nji maýda aýratyn we toparlaýyn ýaryş görnüşinde, aýry-aýry tapgyrlaryň çäginde sebit we halkara gatnaşyklar, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, taryhy-medeni düzüm bölekleri we beýleki degişli ugurlar boýunça 30 soragdan ybarat synag esasynda geçiriler.
24-nji maýda gatnaşyjylar halkara bäsleşiginiň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmeli bolarlar. Munuň bir bölegi hökmünde talyplardan matematiki usullary halkara gatnaşyklarynda ulanmak, matematiki modellemek, ekonometrika, logistika we beýleki ugurlarda 5-10 meseläni ýerine ýetirmek soralar.
Ondan soň, bäsleşige gatnaşýanlar tematiki breýn-ringde güýç synanşarlar. Eminler topary Breýn-ringe işjeň gatnaşyjylary, iň oňat çekişmeleri, şeýle hem oýun wagtynda öňe sürlen konstruktiw pikirleri we teklipleri bellige alarlar. «Beýni hüjüminiň» esasy maksady, halkara we sebit gün tertibindäki häzirki meseleleriň seljermesi netijesinde halkara subýektleri we olaryň görnüşleri arasynda hyzmatdaşlygyň iň amatly usullaryny hödürlemekdir.
Olimpiadanyň eminler toparyna uniwersitetleriň mugallymlary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylmy institutlarynyň wekilleri gatnaşar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli derejelerdäki medallar, diplomlar, hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar.