«Borussiýa» Dortmundda PSŽ-ni iň kiçi hasap bilen ýeňdi

UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym finalyň 2-nji duşuşygy hem geçirildi. Dortmundda geçirilen bu oýunda «Borussiýa» bilen PSŽ toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri «Borussiýa Dortmund» 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeke-täk goly 36-njy minutda Şlotterbegiň owadan pasyndan soň Niklas Füllkrug derwezä girizdi. Parižliler bu gola jogap bermek üçin köp tagalla etselerem, olara hasaby deňlemek ýa-da öňe saýlanmak başartmady. Mbappedir Hakimiň yzly-yzyna geçiren urgulary sütünden yzyna gaýtdy. Fabian Ruiz 2 sany amatly pursatda topy derwezä gönükdirip bilmedi. Şunlukda, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan «Borussiýa» Pariže ýeňiş bilen barar. Jogap duşuşygy 7-nji maýda sişenbe güni Parižde geçiriler.