Türkmenistanda türkmen-rus arheologlarynyň gatnaşmagynda gazuw-agtaryş işleri geçiriler
Türkmen hünärmenleri Mäna obasynyň golaýynda bilelikdäki arheologiki ekspedisiýasyna gatnaşmak üçin Rus geografiki jemgyýetiniň çakylygyny aldylar. Bu barada «THP» saýty habar berdi.
Ekspedisiýa şu ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda Ahal welaýatynyň Türkmen-Eýran serhedinden uzak bolmadyk ýerde geçiriler. Mäna obasy gündogarşynas taryhçylary bilen tanyş, sebäbi şol ýerde Türkmenistanda Mäne baba ady bilen tanalýan meşhur orta asyr mistiki filosofy Abu Seýit Abul Haýyryň mawzoleýi ýerleşýär.
Ekspedisiýanyň kesgitlenen maksady Köpetdag oazisinde ýaşan gadymy daýhanlaryň medeniýetiniň we durmuşynyň galyndylaryny öwrenmekden ybarat. Oňa gatnaşýanlar geçiriljek arheologiki işlerde tejribe toplap, meýdan şertlerinde gözleg geçirmekdäki ukyplaryny artdyryp bilerler.
Ekspedisiýa gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Rus geografiki jemgyýetiniň web saýty boýunça ýüz tutup bilersiňiz.