Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler

 

Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň çäginde şu ýylyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, sergide içerde öndürilen we möhüm ornuny tutýan gurluşyk materiallary, azyk önümleri, mebel we sarp ediş harytlary görkeziler.