Baýry nebitgaz ojagy täze ösüşlere eýe bolýar
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary bolan nebitdir gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki bu öňdebaryjy kärhana ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde hem ýokary önümçilik görkezijilerine eýe boldy.
Geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan bäri işläp gelýän baýry nebitgaz çykaryş müdirliginde ösen tehnologiýalaryň, kämil, kuwwatly daşary ýurt enjamlarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Bu ýerde bilelikdäki yhlasly, guramaçylykly zähmetiň netijesinde her gije-gündizde ortaça 2 müň 100 tonna «gara altyn» we 350 müň kub metr tebigy gaz çykarylýar. Häzirki wagtda müdirligiň zähmetsöýer işçileridir hünärmenleri Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli, Uzynada ýaly nebitgaz känlerinde ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak işlerini üstünlikli amala aşyrýarlar. Olar 369 guýudan nebit, 42 guýudan tebigy gaz we gaz kondensatyny çykarmaklygy gowşamaýan depginlerde dowam etdirýärler.
Geljegi uly bolan täze Uzynada käninde alnyp barylýan ýokary öndürijilikli işler hem şu müdirlige degişlidir. Meýdançada burawlanan guýulardan alynýan uglewodorod çig mallary harytlyk görnüşine getirilip, döwlet ammaryna ýetirilýär. Uzynada käninde önümli guýularyň hatarynyň hasam artýandygy bolsa guwançly ýagdaýdyr. Kärhana Demirgazyk Ördekli meýdançasynda gazy saýlaýjy nobatdaky täze desgany tapgyrlaýyn işe girizdi. Şeýle möhüm desga birnäçe amatly şertleri döredip, ozal bar bolan käbir kynçylyklary aradan aýyrdy. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, ýer astyndan çykarylýan ýangyç çig mal serişdeleriniň gatyşyk ýagdaýda akdyrylmagy turba geçirijilerde basyşyň ýokarlanyp, geçirijiligiň peselmegine sebäp bolýar. Olaryň täze gurlan desgada saýlanylmagy bilen geçirijileriň işi düýpli kadalaşdy. Şonuň netijesinde guýularyň önüm berijiligi ýokarlanyp, her gije-gündizde ortaça 350 tonna goşmaça nebit çykarmaga mümkinçilik berdi.
Iki toplumdan ybarat desganyň biri önümçilik kuwwatyna laýyklykda, her gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metr «mawy ýangyjy» ýörite geçirijiler arkaly Körpeje gaz çykaryş müdirligine ugradýar. Ýene biri-de 3 müň 500 tonna «gara altyn» akymyny arassalap, toplap Gumdag känindäki nebit taýýarlaýyş we akdyryş bölümine iberýär.
Şu günlerde hem «Nebitgazburawlaýyş» tresti çuňňur önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen 5 sany ulanyş guýusynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümleri bolsa 2 sany gözleg-barlag guýusynyň gazuw işlerini alyp barýarlar. Ýakyn wagtda Uzynada käninde ýene 5 sany ulanyş, 5 sany gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini gutaryp, ulanyşa tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi, täze özleşdirilýän meýdançalaryň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär.