Penşenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa, oba hojalygy we ýeňil senagaty önümleri satyldy

Penşenbe güni, 2-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "BND 60/90" şepbeşik nebit ýol bitumy we "Jet A-1" kysymly awiakerosini, Türkiýe Döwletiniň, Gyrgyzystan Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli kärhanalaryndan arassalanmadyk geçi ýüňini, "Flanel" taýýar düşekçe toplumyny we dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümlerini, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "SN-600" kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 500 000,00 manada we 1 915 043,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.