Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudagynda ösüş depgini
Şu ýylyň birinji çärýeginde Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 122,3 göterime barabar boldy. Bu barada agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda bellenilýär.
Pandemiýa döwründe iň köp zyýan çeken pudagyň awiasiýadygy mälim, ýöne soňky döwürde “Türkmenhowaýollary” iň ýokary ösüş depginini - 283,8% görkezýär.
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça şu ýylyň mart-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 126,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 111,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,6 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 103,2 göterime barabar boldy.
Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow transport we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçysyna demir ýollary elektrikleşdirmek boýunça, Türkmenistanda degişli taslamalara daşary ýurtly hünärmenleri çekmek arkaly, daşary ýurt tejribesini öwrenmek boýunça we başga-da birnäçe görkezmeleri berdi.