Halkara maslahatyň dowamynda durnukly energiýa üçin kynçylyklar we çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistandan, Ýewropa Bileleşiginden we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 70-den gowrak wekil «Howanyň üýtgemegi: Durnukly energiýa üçin kynçylyklar we çözgütler» atly halkara maslahata ýygnanyp, durnukly energiýa syýasatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tejribe alyşdylar.
Halkara maslahata «ÝB-Türkmenistan Durnukly Energiýa Günleriniň» çäklerinde geçirildi we Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenbaşy şäher häkimligi bilen bilelikde, «Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary (SECCA)» atly taslamanyň we BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäher ösüşi» taslamasynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guraldy.
Bu çäre energetika pudagyndaky bilermenleri, syýasatçylary, ylmy barlagçylary, raýat jemgyýetiniň, halkara guramalaryň we halkara maliýe edaralarynyň wekillerini bir ýerde jemledi. Ol şol sanda ÝB-niň agza döwletleri we Energetika bileleşigi bilen şertnama baglaşýan taraplar tarapyndan alnan sapaklar esasynda, tejribe we amaly iş tejribesini alyşmak üçin amaly hereketlere gönükdirilen forum boldy.
Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Energetika ministrliginiň wekili Enejan Kakaýewa «Durnukly energiýa, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi ykdysady ösüşiň hereketlendirijisidir we howanyň üýtgemegini azaltmakda möhüm rol oýnaýar. Durnukly energiýanyň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuna düşünmek uly ähmiýete eýedir. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş üçin meýilnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin tebigy baýlyklaryň tygşytly peýdalanylmagyny üpjün etmek, durnukly önümçilik we sarp ediş usullaryny ösdürmek we durnukly energiýa infrastrukturasyny döretmek zerurdyr. Durnukly energiýa durmuş we ykdysady abadançylygy üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin esas bolup durýar. Türkmenistanyň «Energiýany tygşytlamak we energiýa tygşytlylygy barada» täze Kanunynyň kabul edilmegi, durnukly energiýany üpjün etmekde aýgytly ädimdir. Bu kanuny işläp düzmekde Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasy BMGÖM «Türkmenistanda durnukly şäherler» taslamasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Energetika ministrligine kömek berdi, hususan-da, energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça halkara öňdebaryjy tejribäni öwrenmekde tehniki goldaw berildi. «Howanyň üýtgemegi: Durnukly energiýa üçin kynçylyklar we çözgütler» atly halkara maslahaty tejribe alyşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolar» diýip, öz çykyşynda aýtdy.
ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Peksa öz çykyşynda:
«Klimatyň üýtgemegi bilen emele gelen meseleleri çözmek hem-de häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyny goldamak üçin, durnukly energiýa geçmek diňe gerekli däl-de, eýsem zerur bolup durýar. Bu babatda hyzmatdaşlyk we özara gepleşik wajyp ähmiýete eýe bolýar. Ýewropa Bileleşigi syýasy özgerişler, energiýa netijeliligi ýokarlandyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly, durnukly energiýany ösdürmäge Türkmenistanyň hökümetiniň köpugurly çemeleşmelerini hoşallyk bilen kabul edýär. Bu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda adalatly energiýa geçilişiniň tizleşdirilmegine ÝB-niň ygrarlylygyny tassyklamaga rugsat ediň. Bilelikdäki tagallalar arkaly, Türkmenistan we ÝB arassa energiýanyň ähli mümkinçiliklerini açyp bilerler we oňyn durmuş-ykdysady we ekologiki netijeleri gazanyp bilerler» diýip aýtdy.
Maslahata gatnaşyjylary, klimatyň üýtgemeginiň täsirlerini gowşatmak boýunça ÝB-niň syýasatynyň özgerişini we Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň iň oňat tejribeleriniň amaly ulanylyşyny gözden geçirdiler. Olar binalarda we senagatda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň Ýewropa we halkara tejribesini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek üçin toplumlaýyn çözgütleri ara alyp maslatlaşdylar.
Maslahatdan başga-da, «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» durnukly energiýa günleriniň çäginde Aşgabadyň we Türkmenbaşy şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birnäçe okuw sapaklary, şeýle hem mekdep okuwçylary üçin daşky gurşaw çäresi we «Energiýany iň köp tygşytlaýan mekdep» atly baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.