Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy sanly ulgam arkaly “Hytaý-Türkmenistan ýaşlar köprüsi” atly maslahaty geçirdi.
Çärä halkara alşyk we hyzmatdaşlyk boýunça Şençžen gaznasy hem-de BOSFOR jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guraldy hem-de iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly alşyklary höweslendirmäge, gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerini saklamaga gönükdirildi.
Hytaýyň we Türkmenistanyň elektron söwdasy, logistika, egin-eşik dizaýny ýaly ugurlarda iş alyp barýan ýaş telekeçileri öz işleri bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňleri paýlaşdylar.