Ilkinji uçarmansyz ýük uçary asmana galdy
«FP-98» uçarmansyz uçuş apparatynyň kömegi bilen dolandyrylýan ilkinji ýük uçarynyň gatnawy Hytaýyň Haýkou sebiti (Haýnan welaýaty, Hytaýyň günortasy) bilen Guangdong welaýatynyň Çžuhaý şäheriniň arasynda amala aşyryldy. Bu barada «Haýnan žibao» gazetiniň habaryna salgylanýan «TASS» habar berýär.
Uçarmansyz uçar Haýkoudaky Szýasz howa menzilinden Çžuhaý şäherindäki Lýançžou howa duralgasyna tarap ýola düşdi. Ol üç sagadyň dowamynda 529 kilometrlik menzili külterledi. Uçuş gury ýer gatnawy bilen deňeşdirilende, ýükleri eltmek üçin sarp edilýän wagty 10 sagat gysgaltdy.
Gazet tarapyndan berlen maglumatlarda Haýnan adasynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Wençang şäherindäki Halkara kosmos şäherçesiniň administrasiýasynyň wekillerinden biriniň pikiri beýan edilip, onda uçarmansyz ýük uçuşynyň Haýnan bilen Uly aýlag sebitiniň (Hytaýyň günorta welaýatynyň 9 şäherini öz içine alýar) arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ajaýyp mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ol şeýle ulagyň Haýnan adasynyň daşyndaky oba hojalyk önümlerini daşamak bilen baglanyşykly meseleleri çözýändigini nygtady.