Türkmenistan Kämilleşdirilen SARES üstaşyr ulgamyna birikmeklige seredýär
Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň Kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy we maglumatlaryň Umumy alşygy synag taslamasyna birikmegiň meseleleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Aziýanyň ösüş bankynyň we SARES maksatnamasynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda taraplar taslama birikmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasynyň tekstini gözden geçirdiler we hyzmatdaşlygyň çäklerinde mundan beýläkki ädimleri maslahatlaşdylar.
SARES kämilleşdirilen üstaşyr ulgamy we maglumatlaryň umumy alşygy (УТСЦ/ООИ) — üstaşyr harytlaryň SARES-iň agza-döwletleriniň üstünden geçişine gözegçilik etmek üçin utgaşdyrylan elektron ulgamdyr. Ýewropa Birleşiginiň (ÝB) täze sanly üstaşyr ulgamy (NCTS) nusgasynda döredilip, ol SARES sebitinde üpjün etmeleriň zynjyrynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ulgamyň artykmaçlyklarynyň sanyna üstaşyr operatorlar üçin araçäkde wagtyň tygşytlanmagyny, araçäkden geçmegiň tizleşdirilmegini we amatlaşdyrylan kepillendiriş mehanizmini görkezmek bolýar.