«Baýer» finala bir ädim golaý

UEFA Ýewropa Ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Rimde oýnalan «Roma» – «Baýer» duşuşygynda bu gezek ýeňiş nemes klubunyň tarapynda boldy. Geçen ýyl şu stadionda 1-0 utulan «Baýer» bu gezek 2-0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Lewrkuzenlilere ýeňiş getiren gollary 28-nji minutda Florian Wirts hem-de 73-nji minutda Robert Andrih derwezä girizdi. Ähli ýaryşlarda 47 oýundan bäri ýeňilmän gelýän «Baýer» topary bu ýeňişden soň Ýewropa Ligasynda finala bir ädim golaýlady.

Ýewropa Ligasynyň beýleki ýarym finalynda «Marsel» bilen «Atalanta» toparlary duşuşdy. «Welodrom» stadionyndaky 1-nji duşuşykda 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýunda 11-nji minutda Janluka Skamakka hasaby açdy. Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy goludyr. 9 minutdan soňam Şansel Mbumbu owadan urgy bilen hasaby deňledi. 2-nji ýarymda toparlara tapawutlanmak başartmady.