Ýurdumyzda barlaghana enjamlary döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistan Hökümeti tarapyndan meliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan amala aşyrylýan taslamanyň çäginde Ahal welaýatynyň 10 kliniki barlaghanasynda we Aşgabat şäheriniň 28 kliniki barlaghanasynda häzirki zaman barlaghana enjamlaryny oturtmak işler üstünlikli tamamlandy we hünärmenler üçin okuw sapaklary geçirildi.
Ondan başga-da, bu barlaghanalar köpsanly barlag görnüşlerini, has takygy, ganyň umumy, biohimiki we koagulýasiýa barlaglaryny, peşewiň barlagyny, mikroskopiýa we beýleki barlag görnüşlerini geçirmek üçin zerur sarp ediş serişdeler we reaktiwler bilen üpjün edildi.
Barlaghanalary enjamlaşdyrmak bilen baglanyşykly işler eýýäm Mary welaýatynyň 19, Lebap welaýatynyň 27, Daşoguz welaýatynyň 16 we Balkan welaýatynyň 14 barlaghanasynda ýerine ýetirildi. Şeýlelik bilen, tutuş Türkmenistan boýunça jemi 114 barlaghana döwrebaplaşdyryldy.
Bu taslamanyň maksady Türkmenistanyň Milli saglyk ulgamynyň kliniki-barlaghana gullugyny işjeňleşdirmek, şeýle hem başlangyç saglygy goraýyş derejesinde ilat üçin häzirki zaman we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmakdyr. Taslamanyň çäginde zerur reaktiwler we sarp ediş serişdeler bilen barlaghanalary üpjün etmegi dowam etdirmek, ondan daşary, Türkmenistandaky barlaghanalara yzygiderli tehniki goldaw bermek meýilleşdirilýär.