Ýaşajyk futbolçylarymyz Täjigistanda geçen halkara ýaryşda uly üstünliklere eýe boldular

Apreliň ahyrky günlerinde Täjigistan Respublikasynyň Güliston şäherinde geçirilen futbol boýunça çagalar-ýetginjekler toparlarynyň arasyndaky «Nowruz СUP-2024» halkara ýaryşy türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy.

«Çäksiz futbol» diýen at bilen her ýyl geçirilýän ýaryşa GDA agza döwletleriň toparlary gatnaşýarlar. Şu ýyl hem bu ýerde Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň toparlary çykyş etdiler. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň  Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň  (GOÝÇÝSM) we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň toparlary bäsleşdi. Bäsleşik 2008-2009-njy, 2012-2013-nji,  2014-nji hem-de 2015-nji ýyllarda doglan ýetginjekler toparlarynyň arasynda geçirildi.

 

A.Annaöwezowyň hem-de P.Orazowyň tälimçiligindäki 2012-2013-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden ybarat bolan toparymyz 2-nji  we 3-nji orny eýelediler. Bu ýaş derejesindäki bäsleşik 16 topary jemledi. Şonçarak toparyň arasynda geçen 2014-nji ýyl doglan futbolçylaryň bäsleşiginde hem türkmen topary ikinji orny eýeledi. Iň ýaş toparymyzyň — 2015-nji ýylda doglan çagalardan ybarat bolan ýygyndymyzyň üstünligi hem aýratyn bellärliklidir. R.Murhalyýewiň we P.Orazowyň tälim berýän topary üçünji orna mynasyp boldy. Tälimçileriň Ý.Balakaýew bilen P.Orazowyň ýolbaşçylyk edýän 2009-njy ýylda doglan ýetginjeklerden ybarat bolan toparymyz öz ýaş derejesindäki bäsleşikde dördünji ýere eýe çykdy.

 

Ýeri gelende bellesek, ýaşajyk futbolçylarymyz 6 — 13-nji aprel aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «AFL KIDS CUP-2024» atly halkara futbol ýaryşynda hem netijeli çykyş edipdiler. Şonda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň  Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň 2014-2015-nji ýyl doglan çagalardan ybarat bolan ýygyndy topary ikinji orny eýeläpdi.

 

Täjigistanda geçen ýaryşda üstünlik gazanan toparlarymyz kuboklara, medallara hem-de ýadygärlik sowgatlara eýe boldular.