2024-nji ýylyň ilkinji düwlenleri Hazar deňziniň türkmen kenarlarynda hasaba alyndy

Hazar deňziniň türkmen kenarlarynda şu ýyl ilkinji gezek düwlenler hasaba alyndy.

Hazar goraghanasynyň zoology Aleksandr Şerbinanyň bellemegine görä, şu ýyl, takmynan, 20 başdan ybarat ilkinji düwlen sürüsi 25-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tapylypdyr. 

“Hazar düwleniniň ýaşaýyş tertibi diýseň düşnüklidir. Demirgazyk Hazaryň buzly adalarynda ýaşaýan düwlenler täze nesli dünýä inenden soň, iýmite baý bolan Merkezi we Günorta Hazaryň ýyly suwlaryna göçüp başlaýar. Olar bu ýerde ýag ätiýaçlyklaryny köpeldýärler” diýip, Aleksandr Şerbina gürrüň berýär.

Türkmenistanda Hazar düwleniniň möwsümleýin ýaşaýyş ýerleri Hazar döwlet goraghanasy ýagny, Ogurjaly adalary hasaplanylýar.

2011-nji ýyldan bäri Hazar düwleni Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigini we döwlet tarapyndan goralýandygyny ýatladýarys.