Serdar Rahymow Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysyna Uly Tuwalga ýaryşynyň ilkinji medalyny getirdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymow 3 — 5-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Dushanbe Grand Slam-2024» ady bilen geçirilýän dzýudo boýunça Uly Tuwalga ýaryşynyň nobatdaky tapgyrynda uly üstünlik gazandy. 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni altyn medala eýe boldy.

Ýaryş dünýäniň bäş yklymynyň 65 ýurdundan 390 (204 erkek we 186 zenan) türgeni bir ýere jemledi.

 

Ýapon tälimçisi Kazuhiko Tokunonyň şägirdi altyn medala uzaýan ýolda bäş ýeňiş gazandy.

 

Birinji aýlawda Serdar Mongoliýa Respublikasynyň türgeni Býambasuren Ulziibaýardan üstün çykdy. 1/8 finalda kanadaly Julien Fraskadory ahmyrda goýan ildeşimiz çärýekfinalda ýerli — täjigistanly Mulorajob Halifaýewi ýeňdi. Ýarymfinalda özbegistanly Bobur Wajiýewi armanly goýmagy Serdara finalda çykyş etmek mümkinçiligini döretdi. Türkmen türgeni finalda ýerli dzýudoçyny — Obid Jebowy «ippon» utuklary arkaly wagtyndan öň ýeňlişe sezewar etdi.

 

Gazanan ajaýyp ýeňişleri Serdar Rahymowyň Türkmenistanyň ýygyndy toparyna nobatdaky Uly Tuwalga ýaryşynyň ilkinji medalyny getirmegini üpjün etdi.

Bu ýaryş türgenlere Olimpiýa reýtingleri üçin zerur bolan utuklary topalamaga mümkinçilik döretdi.

Ýaryş dowam edýär.