Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy «CAVA» ýaryşynyň öňüsyrasynda Daşkentde ykjam türgenleşik işlerini geçýär
Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndy topary häzirki wagtda Özbegistanyň Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär.
Türgenleşikleriň baş maksady 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçiriljek «CAVA Voleyball Nations League» Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmekde jemlenýär.
Türkmen woleýbolçylary bu ýerde umumy fiziki taýýarlyklaryny hem-de tehnikalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen türgenleşik işlerini geçerler.
Dowam edýän taýýarlyk işlerine gatnaşýan milli ýygyndy toparymyza Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Täçnazarowyň ýolbaşçylygyndaky türgenleriň 14-siniň wekilçilik edýändigini bellemek gerek.
Taýýarlyk işleri 8-nji maýa çenli uzar. Şondan soň bolsa biziň türgenlerimiz ýaryşyň geçjek ýerine — Yslamabada tarap ýola düşer. Şol ýerde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bilen birlikde Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Şri-Lankanyň, Owganystanyň hem-de beýleki gatnaşyjy tarap bolan Pakistanyň ýygyndylary hem ýeňiş ugrunda göreş alyp bararlar. Duşuşykar toparlaryň ählisiniň biri-biri bilen duşuşjak şol bir ligasynda geçer.