Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitiniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy.

Maslahat guramanyň Brýusseldäki baş edarasynda BGG-niň Ýewropa sebitiniň agza döwletleriniň 53-siniň gümrük gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Çärä Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ý.Saunders hem gatnaşdy.

Maslahata gatnaşanlar Bütindünýä gümrük guramasyny döwrebaplaşdyrmak we Ýewropa sebiti derejesinde gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, elektron söwdany höweslendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem gatnaşyjylara guramanyň maliýe we gözegçilik komitetleriniň hasabatlary we 2024-2025-nji maliýe ýyly üçin býujetleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Brýussele eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine BGG-niň sebitleýin okuw merkezi derejesini almak barada ylalaşyk gazanyldy.