«Demirgazyk-Günorta» kluby Aşgabatda wekilhanasy açmak isleýär

 «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürýän ady bir halkara kluby, Aşgabatda öz wekilhanasyny açmaklygy meýilleşdirýär.

 

Bu barada klubyň başlygy Ramazan Abdulatipow Nýu-Delide bölümiň açylyş dabarasynda beýan etdi – diýip, TASS habar berýär.

 

«Şeýle iş alnyp barylýar, meniň pikirimçe ýakyn wagtda [«Demirgazyk-Günorta»] klubynyň direktory Dmitriý Borisowiç [Dubowik] şunuň ýaly wekilahanalary Bakuda, Daşkentde, Aşgabatda we ş.m. açmak üçin uly işleri geçirer» - diýip, Abdulatipow aýtdy.

 

Klub ýükleri «Demirgazyk-Günorta» HUG boýunça daşamak üçin amallary ýönekeýleşdirmek bilen meşgullanýar, meselem – tutuş ugur üçin bir resminamanyň girizilmegi arkaly, gümrük päsgelçilikleriniň aýrylmagy we ş.m. şu meseleler boýunça hökümetler bilen gepleşikler geçirilýär. Klub ýygnaklary geçirýär, resminamalaryň üstünde işleýär we bilermenler goldawyny berýär.

 

Häzirki wagtda «Demirgazyk-Günorta» HUG boýunça her ýylda 20 müňe golaý konteýner daşalýar – diýip, Abdulatipow habar berdi. Iki ýyl mundan öň ýük daşamalaryň möçberi 9 müň konteýner töweregindedi. Bilermenleriň bahalandyrmasyna görä, bu ugur boýunça her ýylda 20 mln golaý konteýneriň daşalmagyny ýola goýup bolar.