Prezident dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, şeýle-de beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň we raýatlaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.