Dünýäniň ýolagçy awiagatnawynda 13,8% ösüş bellige alyndy
Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) metbugat beýanatynda mart aýynda dünýädäki ýolagçy awiagatnawlarynyň möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 13,8% ýokarlanandygy habar berilýär.
Mart aýynda halkara ýolagçy awiagatnawlarynyň derejesi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,9%, içerki gatnaw bolsa 6,6% artdy.
Ýylyň başyndan bäri dünýädäki ýolagçy gatnawlarynyň umumy ösüşi — 16,9% boldy. Halkara gatnawlar 21,5%, içerki bolsa 10,4% ösdi.
IATA-nyň maglumatlary mart aýynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde dünýädäki ýolagçy gatnawynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iň ýokary ösüşiniň hasaba alnandygyny tassyklaýar (+ 24.2%). Latyn Amerikasynda (+ 10,9%), Ýewropada (+ 10,6%), Ýakyn Gündogarda (+ 10.5%) we Afrikada (+ 10%) ýokary görkeziji hasaba alyndy. Gowşak ösüş Demirgazyk Amerikada (+ 6,3%) bolup geçdi.