Türkmenistan “Turan” film festiwalyna gatnaşdy

 

2-nji maýdan 3-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde “Turan” halkara film festiwaly geçirildi. Myhman hökmünde Türkmenistandan Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» bilelöşiginiň wekili režisýor Sahysalyh Baýramow gatnaşýar.

Şeýle hem, “Gyzyl alma” şygary bilen geçirilen festiwalyň çäginde film muşdaklaryna Türkmenistandan birnäçe film hödürlendi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Baş film müdirligi, TÜRKSOÝ halkara guramasy we Ege uniwersiteti tarapyndan bilelikde gurnalan film festiwalynda 77 ýurtdan 1055 film görkezildi.

Bu festiwala hödürlenen filmler tejribeli eminler tarapyndan seljerildi we 13 kategoriýada gowşuryldy.

Bu maksatnama dürli ýurtlaryň sungat işgärleriniň aýdym-saz konserti we tans toparlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy. Türk döwletleriniň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçiriljek festiwalyň çäginde surat sergisi we giň konsert programmasy geçirildi.