Real» wagtyndan öň çempion bolmagy başardy

 4-nji maýda Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň 34-nji tapgyr duşuşygynda «Real» «Kadisi» 3:0 hasabynda ýeňdi, «Barselona» bolsa «Žironadan» 4:2 hasabynda ýeňildi.

Netijede, «Barselona» «Žironadan» utulandan soň, «Real» möhletinden öň 2023/2024 möwsümde çempion boldy.

Düýnki geçen duşuşyklardan soň, 87 utuk toplan «Real» çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda bäsdeşleri üçin elýetmez boldy.

Bu üstünlik madridliler üçin taryhynda 36-njy çempionlykdyr. 

«Žirona» 74 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda ikinji orna çykdy. «Barselona» bolsa 73 utugy bilen ýaryşyň sanawynyň üçünji ýerine düşdi.