Urumçy-Aşgabat uçuşy Hytaýyň MA ýurtlary bilen howa gatnawynyň doly dikeldilendigini görkezdi

25-nji aprelde agşam amala aşyrylan Urumçy bilen Aşgabadyň arasyndaky uçuş  Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň arasynda howa gatnawynyň doly dikeldilendigini aňlatdy – diýip, Global Times habar berýär.

 

Häzirki wagtda tutuş sebiti gurşap alýan Hytaýyň howa gatnadyjysy China Southern Airlines MA ýurtlaryna 9 sany halkara uçuşlaryny gaýtadan başlady. 2019-njy ýylda uçuşlaryň sany ýarpa golaý – geçirilik ukybynyň 50% çenli kemeldilipdi.