Ýapon alymlaryndan dişiň ösmegi üçin derman
Kitano lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň (Osaka prefekturasy) we Kýoto uniwersitetiniň alymlary gipodontiýa (birden bäşe çenli dişiň dogabitdi ýoklugy) derdine sezewar bolan adamlaryň dişini ösdürip ýetişdirmäge kömek etjek derman serişdesini döretdiler. Oýlap tapyş şu ýylyň güýzünde synagdan geçiriler.
Alymlaryň pikiriçe, bu derman doly ösmäge ukyply, ýaňy görnen dişlere kömek edýär. Şeýle dişler köplenç wagtyň geçmegi bilen ösmegini bes edýärler we ýitýärler. Täze oýlanyp tapylan serişde dişiň ösmegini togtadýan USAG-1 belogynyň täsirini basyp ýatyrar. Şeýlelikde, täze çykyp gelýän dişler gaçan ýa-da çykyp bilmän galan dişleriň ýerini alar.
Deslapky synag döwründe hünärmenler dermany azyndan bir azy dişini ýitiren, ýaşy 30-dan 64-e çenli bolan 30 adamyň gan damaryny goýberýärler. Ikinji tapgyrda derman dişleri dogabitdi ýok bolan hassalarda barlanar. Dermany alty ýyldan soň ulanyşa goýbermegi meýilleşdirýärler. Alymlaryň geljekde bu dermanyň çüýremegi sebäpli, dişini ýitiren adamlaryň dişlerini ösdürmäge kömek etjekdigi hakyndaky çaklamalaryny bolsa «The Mainichi Shimbun» neşiri habar berýär.