TDHÇB-de söwdalar: ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy

Şenbe güni, 4-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy.

Türkiýeden telekeçiler nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen kompaniýasy bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 1 137 600 dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu  salgyda tanşyp bilersiňiz.