“Türkmenhowaýollarynyň” howa gämileriniň üsti «Airbus» ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi
Türkmenistanyň howa flotunyň üsti “Airbus A330-200P2F” ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi. 27-nji aprelde penşenbe güni täze uçar türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline gondy. Bu uçar, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir. Birinji howa gämisi “Türkmenhowaýollaryna” şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda gowuşdy.
Uçarlaryň bu kysymy “Rolls-Royce Trent 700” hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň uçuş aralygy 13 müň kilometrden gowrak bolup, 60 tonna çenli ýük daşama mümkinçiligi bar, şol bir wagtyň özünde ýük daşama hyzmatynyň bahasy ep-esli peselýär. Öndüriji tarapyndan nawigasiýa enjamlarynda iň ösen tehnologiýalar ulanylandyr.
“Airbus A330-200P2F” ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.
“Türkmenhowaýollarynyň” Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Airbus A330-200P2F” kysymly uçarlary satyn alandygyny bellemek gerek. Ozal Türkmenistan ýük uçarlaryny esasan Amerikanyň Boeing kompaniýasyndan satyn alýardy.