«Hyundai» kompaniýasynyň täze awtoulaglarynyň hereketlendirijilerinde mesele ýüze çykdy: yzyna ýygnamak yglan edildi

«Hyundai» kompaniýasynyň awtoulaglarynda tükeniksiz gaz aýlanyş klapany bilen (EGR) baglanyşykly näsazlyklar ýüze çykaryldy. Munuň düýp sebäbi «BorgWarner» zawodynda gurnama wagtynda ýüze çykan kemçilik sebäpli, hereketlendirijiniň durmagyna sebäp bolýan gysga çaknyşma bolup biler. Elbetde, bu howpsuz däldir, esasanam hem, awtoulag uly ýolda bolsa. Şeýlelikde, «Hyundai» ulaglary mugt abatlamak üçin yzyna ýagnaýar.

Kemçilikli enjam 7349 «Elantra», 2364 «Venue» hem-de 3798 sany «Kona» kysymly, umumy 13511 ulagda oturdyldy. Olaryň hemmesi 2024-nji ýylyň ulaglarydyr. «Hyundai» kompaniýasynyň hünärmenleri bu meseläni mart aýynda bilip galdylar. Kompaniýa hereketlendirijileriň birden saklanandygy baradaky habary alyp başlady. Jemi 14 waka bellige alyndy, ýöne hiç hili heläkçilik, şikes ýetmeler ýa-da beýleki pajygaly wakalar bolmady.