Türkmenistan Aziýada ulag ulgamyny özgertmek boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Demirgazyk we Merkezi Aziýada demir ýollaryň we multimodal daşamalaryň sanly transformasiýasy boýunça  bilermenleriň Ikinji maslahatyna gatnaşdylar, onuň barşynda taraplar howpsuz, durnukly we elýeterli ulag daşamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Çäre Almatada, Gazagystanda geçdi. Şeýle ulag torlarynyň döredilmegi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň meýilnamalaryna gabat gelýär.

 

Bu jähtde ESKATO sebitde has bäsdeşlige ukyply demir ýol amallaryny döretmek üçin täze tehnologiýalar we sanly transformasiýa boýunça taslamany ýerine ýetirýär. Esasy maksat  — umumy ýük dolanyşygynda demir ýol ulagynyň paýyny artdyryp, söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr.

 

Ulag transformasiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça çekişmeler degişli syýasy maslahatlaşmany düzmäge we bilermenleriň geljekde kiçi sebit toruny döretmäge kömek eder.