Angliýaly zenan agramy boýunça milli rekordy täzelejek 32,9 kilogramlyk karp balygyny tutdy

Ýakyn günlerde Angliýanyň ýaşaýjysynyň agramy boýunça iň uly balygy tutmak boýunça milli rekordy täzeländigi yglan edilip bilner. 32,9 kilograma barabar ýalpyldawuk karp balygynyň bu ugurda iň uly görkezijidigi eýýäm internet giňişliginde giňden ýaýrady.

Naomi Turner bu äpet balygy tutmak üçin Kembridj-şir graflygyndaky kölüň kenarynda iki gününi geçirdi. Balyk tutmagyň birnäçe usullaryny ulanyp görensoň, çeňňegini has çuňluga taşlady we iki sagatdan soň äpet ýalpyldawuk karp balygyny tutdy.

Balykçy zenan bolup geçen zatlara birbada ynanmandygyny belleýär. Ol öňünde goýan maksatlaryna ýeten pursatlarynda begenç gözýaşlaryny saklap bilmändigini hem aýdýar.

«Men ahyrsoňy, munuň ýurtdaky bolup biläýjek hem-de Beýik Britaniýada tutulan iň uly karp balygydygyna düşündim» — diýip, balykçy zenan nygtaýar.

Häzirki wagta çenli Angliýada tutulan iň uly ýalpyldawuk karp balygynyň agramy 30,8 kilogram eken. Naominiň tutan karpy ondan iki kilogramdan gowrak agyr bolsa-da, şeýle balyklary tutmagyň düzgünlerine laýyk gelmeýän çeňňek bilen awlanandygy sebäpli, onuň täze rekord hökmünde bellige alynmazlygy hem mümkin.