Sişenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa, oba hojalygy we ýeňil senagaty önümleri satyldy

Sişenbe güni, 7-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny, Türkiýe Döwletiniň işewürleri ýerli kärhanalaryndan agardylmadyk nah ýüplügini, içerki bazarda türkmen işewürleri Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden Düz (float) aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 310 000,00 manada we 11 632 120,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.