Wladimir Putin Russiýanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Wladimir Putin kasam kabul etdi we bäşinji gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine girişdi.

Dabara 2000-nji ýyldan bäri kasam kabul ediş çäresiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüniň Andreýew zalynda guraldy. Saýlanan Prezident Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynda ýazylan sözleri beýan etdi.

«Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryndan peýdalanmak bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýjakdygyma hem-de gorajakdygyma, Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasyny berjaý etjekdigime we gorajakdygyma, döwletiň özygtyýarlylygyny hem garaşsyzlygyny, howpsuzlygyny we bitewiligini gorajakdygyma, halkyma wepaly hyzmat etjekdigime kasam edýärin» — diýip, Russiýa Federasiýasynyň saýlanan Prezidenti belledi.

Soňra saýlanan Prezidentiň işe girişendigini habar berildi. Döwlet senasy ýaňlandy.

 

Wladimir Putiniň Russiýanyň Prezidenti hökmünde kasam kabul ediş dabarasy. Russiýanyň Döwlet baýdagynyň we Prezidentiň Ştandartynyň dabaraly getirilýän pursaty. Surat: Aleksandr Kazakow, РИА «Новости»

Prezident Wladimir Putin täze ministrler kabineti döredilýänçä, Hökümetiň öz işini dowam etdirmegini tabşyrdy