Türkmenistanyň 11 ýokary okuw mekdebi «THE Asia University Ranking 2024» sanawyna girdi

Türkmenistanyň 11 ýokary okuw mekdebi «reportýor» statusy bilen «Times Higher Education Asia University Ranking 2024» sanawyna girdi.

Ýurdumyzyň Aziýanyň uniwersitetleriniň abraýly sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri:

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri Instituty;

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty;

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti;

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti;

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogiki instituty;

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;

Türkmen döwlet binagärlik -gurluşyk instituty;

Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş instituty;

Ýagşygeldi Kakaew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.

Umuman alanyňda, 2024-nji ýylyň reýtinginde Aziýanyň 30 ýurdundan 1127 uniwersitet bar.

«Asia University Ranking» mugallymçylyk, ylmy-barlag, bilim alyşmak we halkara mümkinçilikleri ýaly uniwersitetleriň esasy maksatlaryny görkezýän 18 öndürijilik görkezijisine esaslanylyp, (THE) Britan guramasynyň halkara hünärmenleri tarapyndan her ýyl taýýarlanylýar. Uniwersitetlere çuňňur we giňişleýin baha bermek düzüjilere ahyrky netijede iň doly we deňagramly deňeşdirmeleri bermäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dürli şertlerde we ugurlarda netijeli işi bilen tapawutlanýan uniwersitetleriň dünýä reýtinglerinde mynasyp orunlaryny tapýarlar. Şeýle netijeler türkmen uniwersitetleriniň ähli ugurlardaky üstünliklerini, kämillige we ösüşe bolan islegini görkezýär, mümkinçiliklerini giňeldýändiklerine şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek bilen, ýurdumyzda milli bilimiň iň möhüm meseleleriniň birini çözmäge goşant goşýar.