9-10-njy maýda güýçli ýagşyň ýagmagyna we ýeliň bolmagyna garaşylýar
9-10-njy maýda Maryda, Lebap welaýatlarynyň günorta we merkezi sebitlerinde, Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda ýagşyň ýagmagyna, aram-aram güýçli ýagşyň bolmagyna garaşylýar. Lebap welaýatynyň käbir ýerlerinde ýeliň tizligi sekuntda 16-21 metre, ýurduň beýleki sebitlerinde sekuntda 12-17 metre çenli ýeter.
«Meteožournal» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, käbir sebitlerde ýagşyň aýlyk derejesiniň düşmegi ähtimal.
Şol sebäpden hem, daşary çykanyňyzda ýagyşly howa üçin niýetlenen aýakgaplary geýmegi we ýanyňyz bilen saýawan götermegi unutmaň!