EKSPO-2025 sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilionynyň dizaýnyny hödürledi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnyny we “Gowy geljege ylham bermek” atly mowzugyny hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanyp, ol eko-görnüşde gurnaldy.
Bu ýerde myhmanlar Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we durnukly ykdysady ösüşi bilen tanşyp bilerler. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň “Belli” hojalyk jemgyýetine ynanyldy.
Habarada belenilişi ýaly, bu Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynyň soňky görnüşi bolman, eýsem ýurduň pawilýonynyň taslamasynyň üstünde ýene-de işleniler. Türkmenistanyň Milli gününi 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, ýagny serginiň açylyş gününden bir gün soň geçirmek meýilleşdirilýär.
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda "Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris" şygary bilen geçiriler.