Hazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylar

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Hazarýaka ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary Doganlyk bagynda «Baky şöhrat ody» ýadygärligine gül desselerini goýdular. Olar Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar diýip, Astrahan oblastynyň dolandyryş edaralarynyň portalynda habar berilýär.

Şeýle hem dabara Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklarynyň geljekki nesiller üçin görelde bolup, hiç haçan ýatdan çykarylmajakdygyny aýtdy. Ol astrahanlylaryň ählisine asmanyň arassa bolmagyny we abadan maşgala ojagyny arzuw etdi.