Azerbaýjan Hazar deňzinde emeli adalary döretmekçi
Azerbaýjanyň Parlamenti Hazar deňziniň Respublika degişli bolan böleginde emeli çäkleri döretmek baradaky Kanun taslamasyny üçünji okalyşda kabul etdi diýip, «Tengrinews.kz» habar berdi.
Şunlukda, emeli adalar, şeýle-de öňki çäklere galtaşýan täze gury ýer bölekleri döredilip bilner. Emeli gury ýer çäkleri öňki kenarýaka zolaklary giňeldip ýa-da deňizde aýratyn adalar bolup biler.
Emeli adalary döretmek dünýäde giňden ulanylýan işdir. Adalary goranmak üçin, şeýle hem jahankeşdeleri çekmek we raýatlaryň ýaşaýşy üçin hem döredýärler.
Mundan on ýyla golaý wagt öň Azerbaýjan Hazar adalary taslamasyny durmuşa geçirmäge girişipdi, emma ol togtadylypdy. Eger taslama amala aşyrylsa, ol ýurda jahankeşdeleri çekmäge täze itergi berer.