«Arkadag» futbol kluby Ýokary liganyň 13-nji tapgyrynda «Ahaly» uly hasap bilen ýeňdi — 4:0

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň esasy duşuşygynda «Arkadag» futbol kluby «Ahaly» uly hasap bilen ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy.

Ýer eýeleri bolan «Ahal» topary durşuna ýaşyl eşikde, «Arkadag» futbol kluby bolsa ak köýnekçede meýdana çykdy.

 

Wladimir Baýramowyň şägirtleri duşuşygyň ilkinji minutlaryndan oýny ele almagy başardylar. Olar topa has köp eýelik etdiler we ýygy-ýygydan hüjüme geçdiler.  

Eýýäm 5-nji minutda Altymyrat Annadurdyýewiň geçiren goly «Arkadag» toparyny öňe çykardy. Duşuşygyň 37-nji minudynda bolsa Altymyradyň dubly bellige alyndy. Birinji ýarym 2:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna jemlendi.

 

Ikinji ýarymda Ýokary liganyň häzirki çempionynyň hüjümleriniň depgini has-da ýokarlandy. «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýewiň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň artykmaçlyk üçe çykdy.

 

Duşuşygyň hasabynyň jemleýji nokadyny ikinji ýarymda oýna giren Begenç Akmämmedow goýdy. Duşuşygyň netijesi — 4:0.

Nobatdaky ýeňşinden soň 33 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş teribiniň başyny çekmegini dowam etdirýär. 24 utugy bolan «Ahal» ikinji orny eýeleýär.      

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji maýda geçiriler. Şol gün «Altyn Asyr» – «Ahal», «Şagadam» – «Köpetdag», «Merw» – «Energetik» hem-de «Arkadag» – «Aşgabat» jübütleri duşuşarlar