Özbegistan we Mongoliýa ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy we reýtingler müdirliginiň ýolbaşçysy Awazbek Sultanow Mongoliýanyň Ulag we ýollaryň ösüşi ministrliginiň Syýasat hem meýilleşdiriş müdirliginiň başlygy Bolor Erden bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Trend» habar berdi.
Çeşmede duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky awtoulag ýollary boýunça halkara ýük daşalmagynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Hususan-da, taraplar ulaglaryň gatnawy bilen bagly meselede hökümetara şertnamalary baglaşmak mümkinçiligine garadylar.
Mongol tarapy özbek wekiliýetiniň tekliplerine laýyklykda, iki ýurduň arasynda ýük daşamagyň möçberini ýokarlandyrmak üçin ulag geçelgelerini ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Ara alnyp maslahatlaşylan meselelere esaslanyp, taraplar awtoulaglarda ýük daşamak pudagynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmek üçin anyk wezipeleri kesgitlediler.