Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň şygary bilen adybir «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik simpoziumy geçirildi.
Döredijilik simpoziumyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasyndan halypa suratkeşleriň ondan gowragy gatnaşdy.
Bu tutumly çärä gatnaşyjylar simpoziumyň meýilnamasyna görä nusgawy edebiýatymyzyň sakasynda duran Magtymguly Pyragynyň ilkinji bilim alan ýeri bolan «Idris baba» medresesine döredijilik iş saparyny amala aşyrdylar we şol ýerde bolup, birnäçe günüň dowamynda dürli žanrda medrese barada surat eserlerini döretdiler.
Soňra halypa suratkeşler Lebap welaýat çeperçilik gaznasynyň sergi zalynda uly göwrümli eserleri döretmek boýunça döredijilik duşuşyklaryny geçirdiler.
Ýurdumyzda tanalýan belli suratkeşleriň «Idris baba» medresesi hem-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly döreden eserleriniň sergisiniň guralmagy bolsa, aýratyn täsirli boldy.
Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzda milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize goýulýan belent sarpa, Magtymguly Pyragynyň kalplarda baky orun alan ajaýyp goşgulary, suratkeşleriň döredijilik dünýäsi barada çuňňur mazmunly çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Sergide goýlan beýik Pyragynyň nazarynyň düşen ýeriniň – «Idris baba» medresesiniň dürli öwüşgündäki, dürli pelsepeleri kalbyňa guýýan surat eserleri bu ýere ýygnanan medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň, talyp ýaşlaryň kalbynda aýratyn uly täsirler galdyrdy.
Sergide ýerleşdirilen suratlaryň günüň dürli pursatlarynda – ir säherde, gijesine Aýyň nur saçyp duran pursatlarynda ýa-da gündiziň dowamynda her bir suratkeşiň öz dünýägaraýşy bilen çekilmegi we olaryň çuňňur mazmuny, suratlaryň çeperçilik derejesi suratkeşleriň döredijilikli gözlegleriniň, yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiklerine şaýatlyk edýär.
Beýik söz ussadynyň ilkinji okan ýeri bolan «Idris baba» medresesi, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi bilen bagşanyşykly suratkeşleriň döreden eserleriniň sergisi 10 günläp dowam eder.