Igor Runow, ICTD: Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hereketlendirijisi boldy
BMG-de ýerleşýän Halkara diplomatiýa merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda leksiýa berdi. Ol talyplar bilen duşuşygyny ulag integrasiýasynyň global tendensiýalaryna we Türkmenistanyň ulag meýilnamasyny öňe sürmekde öňdebaryjy we hereketlendiriji güýç hökmünde ornuna bagyşlady.
Igor Runow leksiýadan öň ORIENT-iň wekili bilen geçirilen söhbetdeşlikde özüniň Halkara gatnaşyklar institutynda (Moskwa) okandygyny gürrüň berdi. Häzirki wagtda ýokary derejeli hünärmen bolmak üçin häzirki talyplaryň haýsy häsiýetleri, bilimleri we endikleri ele almalydygy soralanda, Runow: «Talyp – bu haýsydyr bir zat bilen doldurylmaly gap däl-de, ýöne ýakylmaly alaw!», diýip MDHGI-iň mugallymlaryndan biriniň sözlerine salgylandy.
Mugallym öz çykyşy bilen dürli ugurlarda köp başarnykly tejribeli diplomaty diňlemek üçin konferensiýa otagyna ýygnanan ýaşlaryň aňynda uçgunlary ýakmaga synanyşdy.
ICTD-iň başlygy leksiýany soňky ýyllarda BMG-de ulag meselelerine nähili garalýandygy bilen başlady. Ol BMG-nyň howandarlygynda Durnukly ulaglar boýunça 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen ilkinji Global konferensiýadan ozal Ženewada ýa-da Bangkokda ähli ulag meseleleriniň diýen ýaly çözülendigini, ol meselelere sebitleýin ykdysady toparlar, esasanam ÝYT we ESCAP seredendigini belledi.
Dünýä çalt integrirläp başlanda ýagdaý üýtgedi, globallaşma gaty anyk görnüşlere eýe boldy we şonda ulagyň orny ep-esli ýokarlandy, sebäbi söwda mukdary köpeldi, üpjünçilik zynjyrlary peýda boldy.
Ulag mowzugynyň daşamak howpsuzlygyndan daşky gurşawa täsiri ýaly köp tarapy öz içine alýan aýratyn we örän möhüm ugurdygy äşgär boldy. Şol sebäpli BMG-nyň Baş sekretary ulag meseleleri boýunça ýörite hünärmenler toparyny döretdi. Ýokarda agzalan BMG-niň Aşgabatdaky konferensiýasynda hut şu topar täze global ulag meýilnamasynyň emele gelmegine itergi beren ilkinji hasabatyny hödürledi.
Şondan bäri daşamagyň ähmiýeti diňe BMG derejesinde ösüş strategiýalaryna düşünmekde we kabul etmekde artdy. Igor Runow, Türkmenistanyň BMG-daky missiýasynyň möhüm ornuny belläp geçdi. Bu Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň ulag meselesinde ozal beýle resminamalarda görkezilmedik birnäçe kararynyň kabul edilmeginde öz beýanyny tapdy. Ähli halatlarda olar Türkmenistan hökümetiniň başlangyjy bilen edildi.
Bu gysga wagtyň dowamynda şeýle uzak ýol, aslynda ulag mowzugy çetki ýagdaýdan köp döwletleriň syýasatynda ileri tutulýan orny bolan esasy meselelere geçdi. Covid döwri bolsa ulagyň ykdysadyýet, durmuş abadançylygy we ş.m. üçin ähmiýetini has ynandyryjy subut etdi.
Igor Runow, şeýle hem, geçen tomus Hazar deňziniň Türkmen kenaryndaky Awazada açylan Global üstaşyr resminamasynyň synag taslamasy barada talyplara gürrüň berdi.
Taslama hakyky jemgyýetçilik we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar. IT we ulag pudagynda iki global lideriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga mysal hökmünde – IBM we Maersk, Ýewraziýa sebit guramalary - TRACECA we GDA-nyň Ýol işçileriniň hökümetara geňeşiniň, Halkara Ulag diplomatiýasy merkeziniň we bäş ýurt – Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy görkezip bolar.
Bilelikde ulanmak, amatly we üstaşyr döwletleriň maliýe bähbitlerini goramaga we olaryň howpsuzlygyny kepillendirmäge ukyply global sanly üstaşyr torunyň öňdebaryjy düşünjesi döredildi.
Synag taslamasy, global düşünjäniň durmuşa ukyplylygyny subut etmeli we deňze çykyşy bolmadyk we ulag hem-de üstaşyr meselelerini çözmekde innowasiýa çemeleşmesine mätäç ösýän ýurtlaryň köp bolan ýerinde – Ýewraziýada durmuşa geçiriler.
Global üstaşyr resminamasy, gatnaşyjy ýurtlara eksporty üçin dünýä bazarlaryna elýeterliligi düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer we synag taslamasy, Wenanyň kenarýaka ösýän ýurtlary üçin Hereket Maksatnamasyna möhüm amaly goşant goşar diýip, ICTD-nyň Ýerine ýetiriji sekretary nygtady.
Igor Runow synag taslamasynyň birinji tapgyrynyň deslapky netijeleri we Global üstaşyr resminamasynyň geljegi hakda 3-nji maýda Aşgabatda açylýan «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» (ITTC 2023) forumynda gürrüň berer. Şeýle hem ol tanyşdyryş dabarasynda taslamanyň ikinji tapgyrynyň mazmunyny beýan eder.