Hytaý Russiýa we Belarusa ýük daşamak boýunça nyrhlary ýokarlandyrdy
Hytaýdan Russiýa we Belarusa demir ýol gatnawlarynyň nyrhlary 6-njy maýdan başlap birden ýokarlandy. Bu barada ekspeditor kompaniýalarynyň maglumatlaryna salgylanýan «Infotrans» ulag we logistika portaly habar berýär.
«Bahalaryň ýokarlanmagy Hytaýda ulanylmaýan konteýnerleriň sanynyň azalmagy, şeýle hem Hytaý bilen serhetlerde ýüze çykan uly ulag “dyknyşyklary” bilen baglanyşykly» — diýlip, portalda beýan edilýär.
Bahalar 500 — 800 amerikan dollaryna ýetdi, hatda ondan hem ýokarlandy. Onuň möçberi ýollamagyň amala aşyrylýan stansiýasyna baglylykda üýtgeýär.
Mundan başga-da, portal Hytaýdan deňiz ulagy üçin nyrhlaryň ýokarlanandygyny hem habar berdi. Ol ýollanýan port bilen baglylykda 800-den 1500 amerikan dollary aralygynda bolar.