Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Penjabyň Baş ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Panjab welaýatynyň Baş ministri Marýam Nawaz Şarif bilen duşuşyk geçirdi. Lahorda geçen duşuşykda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda söwdany we maýa goýumlary ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Hususan hem, Marýam Nawaz Penjab welaýatynda energiýa senagatyna, maldarçylyga we oba hojalygyna maýa goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Atajan Mowlamow türkmen tarapynyň wekili hökmünde söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we Pakistana maýa goýumlary gönükdirmek işine uly gyzyklanma bildirdi.