Ýakynda Dubaýda täze seýilgähleriň 30-sy açylar
Geljek ýyl Dubaýda 30-dan gowrak seýilgäh açylar. Heniz olaryň nirelerde ýerleşjekdiginiň belli däldigine garamazdan, olaryň käbirleriniň uly meýdany tutjagy habar berilýär.
Dubaý şäheriniň häkimliginiň dynç alyş desgalaryna we köpçülikleýin dynç alyş merkezlerine gözegçilik edýän edarasynyň ýolbaşçysy Ahmed Ibragim Al Zaruniniň berýän habarlaryna görä, täze seýilgähler dürli aýratynlyklara baý bolup, kiçi oýun meýdançaryndan başlap megaseýilgähleriň hasiýetlerine çenli özünde jemlär.
«Seýigähleriň dizaýny döwrebap görnüşde bolar. Olar «Al Nahda», «Qusais» we «Al Warq» ýaly seýilgähleriň stiline hem-de dürli oýun meýdançalaryna eýe bolarlar» — diýip, Al Zaruni aýtdy.