Iri konteýner daşaýjylar Hytaýdan Meksika ýük daşamak hyzmatlaryny işe girizýärler
Iri konteýner daşaýjylar Hytaýdan Meksika göni hyzmatlaryny hödürleýärler. Munuň özi ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberiniň köpelendiginiň görkezijisidir. Bu barada «The Loadstar» habar berdi.
«Hytaýyň eksportçylarynyň arasynda Meksikanyň garaşylmadyk meşhurlygy Hytaýyň kompaniýalarynyň bu ýurtdaky önümçilige gönüden-göni maýa goýumlarynyň netijesi bolup biler» — diýlip, habarda aýdylýar.
«Çaklanylýan şertleriň ikinjisi Meksikanyň Ýuwaş ummanynyň kenarýaka portlarynyň ABŞ-nyň bazaryna aralaşmak üçin Hytaýyň harytlaryna we önümlerine salynýan salgytlardan gaça durmak üçin alternatiw derwezäni üpjün etmegidir» — diýlip, «The Loadstar» tarapyndan hödürlenen maglumatda beýan edilýär.
«Loadstar Premium» tarapyndan Hytaý bilen Meksikanyň arasyndaky söwda boýunça geçirilen seljermeler Meksikanyň esasy portlarynyň üçüsinde — Manzanilloda, Lasaro-Kardenasda we Ensenadada girdejiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 12 göterim ýokarlanandygyny ýüze çykardy. «EeSea» tarapyndan hödürlenen maglumatda bolsa importyň ýokarlanmagynyň çygrynda bu portlaryň eýýäm taslama kuwwatynyň derejesinde işleýändigi tassyklanylýar.
Bu ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň ösýän döwründe sekiz konteýner gämisi bilen işlejek «CMA CGM» 11-nji maýdan hepdelik «Mexico Express (M2X)» hyzmatyna başlaýar. «Bu başlangyç sebitdäki bazar dinamikasyna mynasyp jogapdyr» — diýip, ýük daşaýjy teswir berýär.
«The Loadstar» tarapyndan berlen habarda «OOCL» bilen «COSCO-nyň» 15-nji maýda Hytaý — Meksika bilelikdäki hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar. Şol gün «MSC» hem bu ýurtlary birleşdirýän hyzmatyny hödürlär.