Gyrgyzystanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli film surata düşürildi we kitap neşir edildi

Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde neşir edildi. 

«Magtymguly: Saýlanan eserler» atly bu ýygynda şahyryň 66 goşgusy girizildi. Täze neşir arkaly gyrgyz okyjylary Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dillerinde ýakyndan tanyşyp bilerler. 

Mundan başga-da, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Türkmenistanyň Ilçishanasynyň ýardam bermeginde «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental filmini taýýarlady. Film Gyrgyzystanda surata düşürildi. 

06052024Magtymguly1.jpg

Gyrgyz diline terjime edilen film 2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda ýurduň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» и «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkeziler. 

Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly taryhy maglumatlary hem-de gyrgyz ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen interwýulary özünde jemleýär.