Makkartni Nýu-Ýorkda öz suratlarynyň sergisini açdy
Pol Makkartni Nýu-Ýorkyň Bluklin muzeýinde özüniň surat sergisini açdy. Onuň «Paul McCartney Photographs 1963–64: Eyes of the Storm» atly sergisini 18-nji awgusta çenli görmek bolar.
Sergide jenap Polyň düşüren suratlaryndan we onuň ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ilkinji saparlarynyň pursatlaryndan düzülen eksponatlaryň 250-den gowrak resmileşdirilen görnüşi bar.
Bu sergi suratlary ozal Londonda görkezildi, indi bolsa Nýu-Ýorkda peýda boldy.