«Baýer» 59 ýyllyk rekordy täzeläp, finala çykdy

UEFA Ýewropa Ligasynda finala çykan toparlar belli bolup, Germaniýanyň «Baýer» topary taryhy rekordy täzeläp, adyny finala ýazdyrdy.

Öz meýdançasynda «Roma» bilen duşuşan «Baýer» 1-nji oýunda gazanylan ýeňşiň (2-0) arkaýynçylygy bilen meýdança çykdy. Italýanyň kluby Paradesiň 43-nji we 66-njy minutlarda penalti urgularyndan geçiren gollary esasynda 2-0 öňe saýlanyp, umumy hasaby deňledi. Ýöne ruhdan düşmedik «Baýer» şu möwsümde soňky minutlarda, hatda 90-njy minutdan hem soň gol geçirmek däbini bu duşuşykda hem dowam etdirdi. 82-nji minutda Mançininiň awtology bilen aratapawut 1 gola düşdi. Oýna duşuşygyň ahyrlarynda giren Stanişiç 90+7-nji minutda hasaby deňlemegi başardy. Bu gol 59 ýyllyk rekordy täzeledi. Ýagny «Baýer» topary yzly-yzyna 49-njy duşuşygynda ýeňilmän, «Benfikanyň» 1963-nji ýylyň dekabryndan 1965-nji ýylyň fewralyna çenli aralykda goýan 48 oýunlyk ýeňilmezlik rekordyny 59 ýyldan soň täzelemegi başardy. «Baýer» topary 1987/88 möwsüminden soň bu ýaryşda 2-nji gezek finalda çykyş eder. 2009-njy ýyla çenli UEFA Kubogy ady bilen geçirilen ýaryşda şol ýylky finalda «Espanýoldan» myhmançylykda 3-0 utulup, öz meýdançasynda-da 3-0 ýeňipdi we penaltileriň netijesinde garşydaşyndan üstün çykyp, kubogy eýeläpdi.