Anna güni, birža söwdalarynda "Türkmenhimiýa" hem-de "Türkmennebit" Döwlet Konserniniň önümleri ýokary islege eýe boldy

Anna güni, 10-njy maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe hem-de Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy hem-de ýerli hususy kärhanasyndan regenirlenen süýümi satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 400 000,00 manada we 1 764 475,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.